BMG Türkiýedäki siriýaly bosgunlara kömek berdi

BMG-niň Halkara Migrasiýa Guramasy (İOM) tarapyndan Hataý welaýatynyň Hassa etrabynda ýaşaýan siriýalylylara söwda karty berildi

1088737
BMG Türkiýedäki siriýaly bosgunlara kömek berdi

Siriýalylara kömek bermek üçin etraba gelen İOM-yň wekilleri Hassa etrabynyň sport zalynda siriýaly maşgalalary bellige alyp, olara söwda kartyny paýlady.

İOM-yň wekili Mustafa Süral beren beýanatynda Hassa etrabynda 400-e golaý siriýaly maşgala kömek bermegi meýilleşdirýändiklerini aýtdy.

Berilen kartlarda adam başyna 150 türk lirasy nagt kömegiň bardygyny aýdan Süral; “Şol kartlar bilen belli dükanlardan söwda edip bilerler. İş ýüzüne geçirilýän taslama etrap häkimleriniň we beýleki howpsyzlyk edaralarynyň rugsady bilen amala aşyrylýar. Şu ýyl Gaziantep we Hataý welaýatlarynyň etraplarynda işleýaris. Taslama gyş pasly üçin taýarlandy. Maşgalalar berilen kartlardan taslamanyň möhletine laýyklykda peýdalanyp bilerler” diýdi.


Etiketkalar: #BMG , #bosgun

Degişli Habarlar