Türkiýäniň Prezidenti şu gün Fransiýa gider

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň çakylygyna laýyklykda şu gün bu ýurdyň paýtagty Pariže gider

1084931
Türkiýäniň Prezidenti şu gün Fransiýa gider

Prezidentiň Metbugat ofisinden berilen beýanatda, Erdoganyň I Dünýä söweşini resmi ýagdaýda tamamlan Parahatçylyk ylalaşygynyň 100-nji ýyllygy mynasybetli Parižde geçiriljek çärä gatnaşmak maksady bilen 10-11-nji noýabr aralygynda Fransiýa iş saparyny gurajakdygy mälim edildi. 

Ady agzalan çärä 100-e golaý ýurdyň döwlet we hökümet baştutanlarynyň gatnaşjakdygy aýdylýan beýanatda, Prezident Erdoganyň saparyň çäginde käbir ýurtlaryň liderleri bilen duşuşyklar geçirjekdigi habar berildi. 

 


Etiketkalar: #Fransiýa , #Erdogan , #çäre

Degişli Habarlar