Şu gün 10-njy noýabr… Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy Atatürküň dünýeden öten güni

Atatürk dünýeden öten gününiň 80-nji ýylynda ýurduň çar tarapynda we daşary ýurtlardaky wekilhanalarynda dabaraly ýagdaýda hatyralanýar

1085160
Şu gün 10-njy noýabr… Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy Atatürküň dünýeden öten güni
erdogan anitkabir2.jpg
erdogan anitkabir1.jpg
erdogan anitkabir.jpg

Şu gün 10-njy noýabr… Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy Beýik baştutan Mustafa Kemal Atatürküň dünýeden öten güni.

Gazi Mustafa Kemal Atatürk dünýeden öten gününiň 80-nji ýylynda ýurduň çar tarapynda we daşary ýurtlardaky wekilhanalarynda dabaraly ýagdaýda hatyralanýar.

1938-nji ýyldan bäri her ýyl bolşy ýaly şu ýyl hem Atatürküň dünýeden öten sagadynda 09.05-de durmuş durdy, Atatürk uly hormat bilen hatyralandy.

Paýtagt Ankarada ilkinji hatyralama çäresi Atatürkiň aramgähinde geçirildi.

Prezident R. T. Erdoganyň öňbaşyçylygyndaky döwlet ýolbaşçylary Atatürkiň aramgähine gül desselerini goýup, hormatly dymyşlyk etdi.

Prezident Erdogan aramgähiň ýörite depderine “Eziz Atatürk, garaşsyzlyk göreşimiziň serkerdebaşysy we Respublikamyzyň esaslandyryjysy sizi dünýeden öten gününiziň 80-njy ýylynda uly hormat bilen hatyralaýarys. Siziň we eziz şehitlerimiziň amanady bolan Türkiýe Respublikasynyň ähli hüjümlere garamazdan dünýäniň iň güýçli we döwrebap döwletlerinden biri bolmagy üçin aýgytly ädimler bilen öňe barýarys. Soňky gezek Garaşsyzlygymyzyň 95-nji ýylynda dünýäniň iň uly howa menzillerinden biri bolan Stambul howa menzili ulanylmagy berildi. Ýatan ýeriňiz ýagty bolsun, ruhunyňyz şat bolsun” diýip ýazdy.

Stambul şäherindäki ilkinji hatyralama çäresi bolsa Atatürküň baky uka giden ýeri bolan Dolmabahçe köşgünde geçirildi.

Ýaşuly-ýaşkiçi diýmezden ýüzlerçe adam türk baýdagy bilen Atasyny hatyralamak üçin Dolmabahçe köşgüne geldi.

Her ýyl bolşy ýaly şu ýyl geçirilýän hatyralama çärelerinde duýguly pursatlar başdan geçirildi.

Ýurduň çar tarapynda hem müňlerçe adam türk baýdagy bilen Atasyna hormat goýýandygyny görkezmek üçin meýdanlara çykdy.

Hatyralama çärelerinde hormatly dymyşlyk edilip Garaşsyzlyk mukamy ýerine ýetirildi.

 



Degişli Habarlar