Ibrahim Kalyn ABŞ-niň Eýrana garşy embargosy barada beýanat berdi

Prezidentiň Metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalyn, ABŞ-niň Eýrana garşy girizen embargolaryny syýasy hökmünde häsýetlendirdi

1082980
Ibrahim Kalyn ABŞ-niň Eýrana garşy embargosy barada beýanat berdi

Ibrahim Kalyn hususy kanallaryň birinde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň üstünde durup geçdi.

Kalyn: “ABŞ şu ýa-da beýleki bahanalar bilen bir ýurda garşy embargo girizýär diýip, biz öz milli bähbitlerimizden ýüz öwürmeris” diýip habar berdi.

Ibrahim Kalyn Eýranyň ýadro ylalaşygynyň düzgünlerini hem berjaý edýändigini belläp, embargo kararynyň syýasydygyny nygtady.

Resmi Tähran bilen 2015-nji ýylda gazanylan ýadro ylalaşygyndan birtaraplaýyn häsýetde çekilen ABŞ, Eýrana garşy embargolaryň ilkinji tapgyryny 7-nji awgustda, 2-nji tapgyryny bolsa 5-nji noýabrda girizdi.


Etiketkalar: #Ibrahim Kalyn , #ABŞ , #embargo

Degişli Habarlar