Çawuşogly Ýaponiýa saparyny dowam etdirýär

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly 2019-njy ýylyň Ýaponiýada “Türk medeniýetiniň ýyly” hökmünde bellenilip geçilmegine kanagatlanma bildirip, geçiriljek çäreler üçin işe girişendiklerini aýtdy

1081829
Çawuşogly Ýaponiýa saparyny dowam etdirýär

Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda Daşary işler ministrliginiň İkura myhmanhanasynda ýapon kärdeşi Taro Kono bilen duşuşmazdan ozal metbugata beýanat beren Çawuşogly, Ýaponiýanyň diňe bir özüniň däl, eýsem ähli türkleriň köňlünde aýratyn orun eýeleýändigine ünsi çekdi.

Özara saparlar we duşuşyklar bilen gatnaşyklary ähli taraplaýyn çuňlaşdyrmak hem-de güýçlendirmek üçin tagalla edýändiklerini aýdan Çawuşogly, kärdeşi bilen duşuşyklarynda geňeşmeleri dowam edýän Ykdysady hyzmatdaşlyk ylalaşygy, Türkiýede iş ýüzüne geçirilmegi meýilleşdirilýän käbir taslamalar bilen Ýaponiýa-Türkiýe Ylym we Tehnologiýa uniwersiteti ýaly taslamalary ara alyp maslahatlaşjakdyklaryny mälim etdi.

İki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegi üçin sosial howpsyzlyk, tehniki hyzmatdaşlyk we tebigy apatlara garşy göreş ýaly strategik ugurlarda gepleşikleri dowam etdirilýän ylalaşykdyr teswirnamalaryň hem duşuşykda gün tertibine geljekdigini gürrüň beren Çawuşogly; “2019-njy ýylyň Ýaponiýada “Türk medeniýetiniň ýyly” hökmünde bellenilip geçilmegi bizi diýseň buýsandyrar. Çäreler bilen bagly taýarlyklara başladyk” diýdi.

Ministr Çawuşogly şu günki duşuşyklarynyň dowamynda mundan beýläk guraljak özara saparlaryň utgaşdyrylmagy barada-da pikir alyşjakdyklaryny mälim etdi.



Degişli Habarlar