Türk lider Egeý we Gündogar Ortaýer deňizi bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Gündogar Ortaýer deňizindäki tebigy baýlyklarynyň Türkiýe we DKTR uzaklaşdyrylyp, zorluk bilen alynmagyny çürt kesip kabul etmejekdiklerini mälim etdi

1081257
Türk lider Egeý we Gündogar Ortaýer deňizi bilen bagly beýanat berdi

Erdogan Stambulda Milgem taslamasynyň 3-nji gämisi CG Burgazadanyň Deňiz güýçlerine gowşurylmagy bilen bagly dabarada çykyş etdi. 

Erdogan çykyşynda Gresiýanyň we Kipriň Grek böleginiň Egeý we Ortaýer deňizlerinde birtaraplaýyn häsýetde edýän ädimlerine reaksiýa bildirdi. 

Türkiýäniň öz hukugyna eýe çykýandygyny her pursatda görkezýändigini aýdan Erdogan: "Türkiýäni deňize çykyp bilmejek ýagdaýa getirmegi maksat edinýän hereketlere rugsat bermeris. Gündogar Ortaýer deňizinde we Egeý deňizinde ädim edip biljekdiklerini pikir edýänler nähili derejede ýalňyş hereket edýändiklerine düşünmäge başladylar" diýip belledi. 

Erdogan: "Gündogar Ortaýer deňizindäki tebigy baýlyklaryň ýurdumyz we DKTR uzaklaşdyrylyp, zorluk bilen alynmagyny çürt kesip kabul etmeris" diýdi. 

 



Degişli Habarlar