PKK-a agyr zarba uruldy

Judi dagynda 8 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

1080864
PKK-a agyr zarba uruldy

Şyrnak welaýatynda 2-nji noýabrda başladylan operasiýa arkaly ekstremist terror guramasy PKK-a agyr zarba uruldy.

Judi dagynyň Helenir depesindäki gowakda 8 terrorçynyň bardygy anyklanyldy.

Terrorçylara garşy geçirlen operasiýada 8 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Terrorçylar bilen birlikde ýarag we ok-däri hem ele geçirildi.

Soňky üç günde terror guramasyna garşy geçirilýän operasiýada täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sany 18 adama ýetdi.

 

 



Degişli Habarlar