ABŞ-nyň Eýrana goýan embargosynyň Türkiýäni öz içine almaýandygy baradaky kararyndan hoşal

Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez Mejlisde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi

1080835
ABŞ-nyň Eýrana goýan embargosynyň Türkiýäni öz içine almaýandygy baradaky kararyndan hoşal

Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez ABŞ-nyň Eýrana goýan embargosynyň Türkiýäni öz içine almaýandygy baradaky kararyndan hoşaldyklaryny aýtdy.

Dönmez Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisinde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeonyň düýn agşamara beren Eýrana goýuljak embargolar baradaky beýanaty hakynda durup geçen ministr Dönmez, “Jenap Döwlet sekretary Pompeonyň  Eýrana goýuljak embargonyň Türkiýe bilen birlikde 8 ýurdy öz içine almaýandygy hakyndaky beýanatyndan hoşaldygymyzy bellemek isleýärin” diýdi.

Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez ABŞ-nyň şol embargolaryň Türkiýe ýaly goňşy ýurtlarda parahatçylyga, durnuklylyga we ykdysadyýete ýaramaz täsirini ýetirip biljekdigini nygtady.

 

 

 



Degişli Habarlar