Türkiýäniň-Azerbaýjanyň we Eýranyň Daşary işler ministri Stambulda duşuşdy

Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Eýranyň arasyndaky gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi bilen birlikde sebitara meseleler seljerildi

1078330
Türkiýäniň-Azerbaýjanyň we Eýranyň Daşary işler ministri Stambulda duşuşdy

 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Siriýanyň Idlib welaýatynda hüjümleriň bes edilmegi meselesinde 17-nji sentýabrda Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda gazanylan Soçi ylalaşygynyň durmuşa geçirilmeginde hiç hili kynçylygyň ýokdygyny aýtdy.

Türkiýäniň-Azerbaýjanyň we Eýranyň Daşary işler ministriniň üçtaraplaýyn maslahatyň 6-njysy Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň, Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Elmar Mammedýarowyň we Eýranyň Daşary işler ministri Jawad Zarifiň gatnaşmagynda Stambulda geçirildi.

Mewlüt Çawuşogly Dolmabahçede geçirlen maslahatdan soň geçirlen birlikdäki metbugat ýygnagynda gepleşiklerde özara gatnaşyklar we Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Eýranyň arasyndaky gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi bilen birlikde sebitara meseleleriň seljerlendigini gürrüň berdi.

Sebitara parahatçylyk, durnuklylyk we howpsyzlyk üçin hyzmatdaşlygyň möhümdigine ünsi çeken Çawuşogly, ykdysady gatnaşyklaryň sebitiň ykdysady taýdan ösmegine itergi berjekdigini, transport pudagynda edilýän hyzmadaşlygyň we durmuşa geçirilýän taslamalaryň  Ýewropadan Hytaýa çenli uzap gidýän ýurtlar taýdan hem bähbitlidigini belledi.

Mewlüt Çawuşogly maslahatda energetika, transport, aragatnaşyk we demirýol taslamalary ýaly birnäçe taslamanyň giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylandygyny ýatlatd.

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar