“Doganlyk türk halkyna bagtyýarlyk arzuw edýärin”

Garaşsyzlyk baýramy mynasibetli Prezident Erdogana gutlag ýüzlenmeleri gelýär

1077456
“Doganlyk türk halkyna bagtyýarlyk arzuw edýärin”

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew 29-njy oktýabr Garaşsyzlyk baýramy mynasibetli Prezident R. T. Erdogana gutlag ýüzlenmesini ugratdy.

Aliýew ýüzlenmesinde Prezident Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde durmuşa geçirilýän uly infstruktura taslamalaryna we kanuny üýtgetmelere ünsi çekdi.

Aliýew, Türkiýäniň sebitinde we dünýäde başdan geçirilýän kynçylyklaryň çözülmeginde uly jogapkärçiligi öz üstüne alandygyny aýtdy.

Azerbaýjanyň lideri Aliýew gutlag ýüzlenmesinde “Doganlyk türk halkyna bagtyýarlyk arzuw edýärin” diýdi.

Saud Arabystanyndan, Bahreýinden we Pakistandan hem 29-njy oktýabr Garaşsyzlyk baýramy mynasibetli gutlag ýüzlenmeleri geldi.

Saud Arabystanynyň Şasy Salman Bin Azdulaziz bilen Mirasdar Şazada Muhammed Bin Salman Türkiýe Respublikasynyň döredilen gününiň 95 ýyllygy mynasibetli Prezident Erdogana gutlag telegrammasyny ugratdy.

Pakistanyň Prezidenti Arif Alwi bilen Pakistanyň Premýer ministri Imran Han gutlag ýüzlenmesini çap etdi.

Bahreýniň Şasy Hamed Bin İsa Al Halife bilen Premýer ministr Halife Bin Salman Al Halife hem Prezident Erdogany Garaşsyzlyk baýramy bilen gutlady.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar