“Şu güne çenli 30-dan gowrak ýurt FETÖ degişli mekdepleri ýapdy”

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, şu güne çenli 30-dan gowrak ýurdyň Fetullahçy terror guramasy FETÖ degişli mekdepleri, guramalary we jemgyýetleri ýapandygyny habar berdi

1074629
“Şu güne çenli 30-dan gowrak ýurt FETÖ degişli mekdepleri ýapdy”

Mewlüt Çawuşogly FETÖ garşy daşary ýurtlarda alynyp barylýan göreş barada Anadoly habarlar agentligine beýanat berdi.

Çawuşogly 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky hyýanatçylykly agdarlyşyk synanyşygyndan soň, FETÖ garşy bütin dünýäde göreş başladandyklaryny ýatladyp: “Şu güne çenli 30-dan gowrak ýurt FETÖ degişli mekdepleri ýapdy. Beýleki tarapdan 20-den gowrak ýurtdada Magaryf gaznamyz bu mekdepleri gowşuryp aldy. Indi bolsa Afrikada we Aziýada ylalaşyk gazananymyz we häzirki wagtda üstünde işleýän ýurtlarymyz bar. Bu ýurtlarda hem Magaryf gaznasy bu mekdepleri kabul edip alar. Öňümzidäki günlerde Günorta Amerikada, Afrikada we Günorta-gündogar Aziýa sebitlerinde hem käbir oňyn netijeler alarys” diýip belledi.

Çawuşogly daşary ýurtlardaky FETÖ agza adamlaryň Türkiýä getirilmeginiň hem üstünde işleýändiklerini habar berdi.

Şu günki güne çenli 100-den gowrak ýurtdaky adamlary Türkiýä getirendiklerini we mundan soňky etapda hem şuňa meňzeş işleriň boljakdygyny aýdan Çawuşogly, bu adamlary adalatyň we hukugyň öňüne çykarjakdyklaryny mälim etdi.



Degişli Habarlar