Türkiýe Hindistana gynanç bildirdi

Türkiýe Hindistanda Dussehra baýramynda başdan geçirilen otly heläkçiliginde ýogalan adamlar sebäpli gynanç bildirdi

1072454
Türkiýe Hindistana gynanç bildirdi

Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Hindistanyň Amritsar şäherinde Dussehra baýramynda bolan otly heläkçiliginde köp sanda adamyň ýogalandygyny we ýaralanandygyny uly gynanç bilen öwrenendigi mälim edildi. 

Beýanatda: "Hindistanyň halkyna we hökümetine wakada ýogalan adamlaryň ýakynlaryna gynanç bildirýäris, ýaralanan adamlara gyssagly şypalar dileýäris" diýip bellendi. 

Hindistanyň Penjap welaýatynda bir ýolagçy otlusynyň festiwal üçin relsleriň golaýynda ýygnanan adamlary süsmegi netijesinde 58 adam ýogalypdy, 50 adam ýaralanypdy. 

 


Etiketkalar: #Türkiýe , #Hindistan

Degişli Habarlar