Yragyň demirgazygyna howa hüjümi guraldy

Yragyň demirgazygyndaky Metina we Awaşin-Basýan sebitlerinde guralan howa hüjümlerinde, hüjüm guramak üçin taýýarlyk görýändigi anyklanan 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

1072109
Yragyň demirgazygyna howa hüjümi guraldy

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan terror guramasynyň Yragyň demirgazygyndaky ýerlerine garşy howa hüjümi guraldy. 

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri özüniň Twitter hasabyndan operasiýa bilen bagly paýlaşan beýanatynda, mundan başgada Zap, Kandil we Hakurk sebitlerine guralan howa operasiýalarynda, terror guramasyna degişli gaçybatalgalar, gowaklar, ýarag we ok-däri ammarlary ýer bilen ýegsan edilendigi mälim edildi. 

 


Etiketkalar: #Yrak , #demirgazyk

Degişli Habarlar