Saud Arabystanynyň Stambuldaky Başkonsulyň galýan ýeri derňeldi

Saud Arabystanynyň Stambuldaky Başkonsully Muhammed El Uteýbi 2 gün ozal Türkiýeden Saud Arabystanyna gidipdi

1071012
Saud Arabystanynyň Stambuldaky Başkonsulyň galýan ýeri derňeldi

Amerikan Washington Post gazediniň işgäri žurnalist Jemal Kaşykçydan, 2-nji oktýabrda Saud Arabystanynyň Stambuldaky Başkonsullygyna gireninden soň, dereksiz ýitmegi sebäpli emele getirilen derňew toparyndaky türk resmileriniň düýn Başkonsul Muhammed El Uteýbi tarapyndan ulanylan binadaky derňew işleri tamamlandy.

Saud Arabystanynyň Stambuldaky Başkonsullyk binasyna jemi 4 ulag bilen baran türk resmiler, binanyň içine girdiler. Derňew toparyndaky polisiýa işgärleri ýanlarynda getiren enjamlary bilen birlikde Başkonsul tarapyndan ulanylan bina girdiler.  

Saud Arabystanynyň resmileri bilen emele getirilen derňew toparynyň düzümindäki türk resmileriň bina girmeginden soň, gözleg we derňew işleri başladyldy.

Derňew toparynyň başynda Stambulyň Respublikan başprokuraturasy tarapyndan bellenen Başprokuroryň wekili we Respublikan prokurorynyň bardygy, Stambulyň Içeri işler edarasynyň Terrora garşy göreş, Jemgyýetçilik howpsyzlyk we Derňew bölümleriniň degişli hünärmenleriň bardygy habar berildi.

Mundan başgada dronlaryň kömegi bilen binanyň we onuň töwereginiň wideosy çekildi.

Birnäçe wagt soň, derňew toparyndaky saud arabystanly resmiler hem Başkonsullyk binasyna girdiler.

Saud Arabystanynyň Stambuldaky Başkonsully Muhammed El Uteýbi 2 gün ozal Türkiýeden Saud Arabystanyna gidipdi.



Degişli Habarlar