Saud Arabystanynyň Stambuldaky Baş konsullygynda derňew işleri geçiriler

Saud Arabystanynyň Stambuldaky Baş konsullygynda derňew işleriniň geçiriljekdigi mälim edildi

1068911
Saud Arabystanynyň Stambuldaky Baş konsullygynda derňew işleri geçiriler

Amerikan Washington Post gazediniň žurnalisti Saud Arabystanly Jemal Kaşykçynyň 2-nji oktýabrda nika şahadatnamasyny düzeltmek üçin giren we ol ýerden soň çykmadyk ýeri bolan Saud Arabystanynyň Stambuldaky Baş konsullygynyň öňünde ýygnanan adamlar garaşmaklaryny dowam etdirýärler.

Stambulyň Respublikan Prokuraturasynyň Kaşykçynyň ýitmegi bilen baglanşykly başladan derňew işi dowam edýän hem bolsa,  žurnalist Jemal Kaşykçynyň ykbaly näbelli bolmagynda galýar.

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň çeşmeleri dereksiz ýiten žurnalist Jemal Kaşykçy bilen baglanşykly Saud Arabystanynyň Stambuldaky Baş konsullygynda şu gün günortandan soň gözleg we derňew işleriniň geçiriljekdigini habar berdi.

Beýleki tarapdan Amerikan habarlar agentligi Bloomberg, Saud Arabystanynyň Şasy Selmanyň Kaşykçynyň ykbaly bilen bagly içerki derňewiň geçirilmegi barada buýruk berendigini beýan etdi.



Degişli Habarlar