Kaşykçy wakasy bilen bagly döredilen iş topar ilkinji maslahatyny geçirdi

Saud Arabystanly žurnalist Jemal Kaşykýynyň Saud Arabystanynyň Stambuldaky baş konsullygynda dereksiz ýitmegi sebäpli döredilen iş topary ilkinji maslahatyny geçirdi

1069209
Kaşykçy wakasy bilen bagly döredilen iş topar ilkinji maslahatyny geçirdi

Washington Post gazediniň işgäri Jemal Kaşykçynyň 2-nji oktýabrda resmi işler üçin giden Saud Arabystanynyň Stambuldaky baş konsullyk binasyna gireninden soň ýitmegi bilen bagly Türkiýäniň we Saud Arabystanynyň resmilerinden emele getirilen umumy iş topary Stambulyň Içeri işler edarasynda bir ýere jemlendiler. 

Metbugata ýapyk häsýetde geçen ýygnak takmynan 2 sagat dowam etdi. 

15 adamdan ybarat Saud Arabystanly wekiliýet, ýygnakdan soň 10 aýry ulag bilen Içeri işler edarasyndan çykdylar. 

 



Degişli Habarlar