Erdogan Şa Abdulaziz bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezident R.T.Erdogan Saud Arabystanynyň Şasy Salman Bin Abdulaziz bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

1068561
Erdogan Şa Abdulaziz bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezidentiň Diwanyndan alynan maglumata görä Prezident Erdogan we Saud Arabystanynyň Şasy Abdulaziz telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip, gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşdylar.

Telefon söhbetdeşliginde arabystanly žurnalist Jemal Kaşykçy wakasynyň anyklanmagy barada-da durlup geçildi.

Prezident Erdoganyň we Şa Salmanyň waka boýunça dowam edýän derňew işiniň çäginde Türk-Saud bilelikdäki iş toparynyň döredilmeginiň ähmiýetini nygtandyklary habar berildi.

Saud reformaçylary üçin esasy platformalardan biri bolan “Al Watan” gazetinde ýazýan we günbataryň habar beriş serişdelerinde Ýakyn Gündogar baradaky habarlary bilen tanalýan Kaşykçy 2-nji oktýabrda resmi işleri üçin ýurdunyň Stambuldaky Başkonsullygyna barmagyndan soň dereksiz ýitipdi.

Kaşykçynyň konsullykda öldürilendigi baradaky habarlaryň hakykaty beýan etmeýändigini aýdýan saud resmileri žurnalistleriň ol ýerden çykandygyny we soň näme bolandygynyň bilinmeýändigini öňe sürýärler.



Degişli Habarlar