"Türk ykdysadyýetine we bankçylyk ulgamyna zeper ýetirip bilmezler"

Prezident Erdogan Türkiýe-Wengriýa Işewürler forumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

"Türk ykdysadyýetine we bankçylyk ulgamyna zeper ýetirip bilmezler"

Resmi sapar bilen Wengriýa giden Prezident R. T. Erdogan Türkiýe-Wengriýa Işewürler forumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Prezident Erdogan forumda eden çykyşynda “Türk ykdysadyýety güýçli gurluşa eýe. Türk ykdysadyýetine we bankçylyk ulgamyna zeper ýetirip bilmezler, ykdysadyýetymyz ähli howplara garşy has çydamly” diýdi.

Prezident Erdogan “Söwda uruşlary ýaly çykyşlaryň söwdamyzy ýesir almaýa çalyşýan günlerinde Wengriýa bilen ykdysady taýdan edilýän gatnaşyklara uly ähmiýet berýäris. Türk işewürlerinden we raýatlarydan wiza soralmagy bolsa özara gatnaşyklaryň ösmegini bökdeýär”diýdi.

Prezident Erdogan saparyň çäginde geçirlen gepleşiklerde Wengriýa bilen esasan goranyş senagaty taýdan ýakyndan gatnaşyk edilmegi meselesiniň giňişleýin seljerlendigini aýtdy.

Erdogan çykyşynda 17-nji sentýabrda Russiýa bilen Idlibde ýaragsyz zolagyň döredilmegi meselesinde ylalaşyk gazanylandygyny ýatlatdy.

Prezident Erdogan bosgunlar meselesiniň çözülmegi üçin halkara jemgyýetçiliginiň öz üstüne düşýän jogapkärçiligini ýerine ýetirmändigini aýratyn belledi.

 

 



Degişli Habarlar