Çawuşogly FETÖ/PDÝ meselesinde duýduryş berdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly resmi sapar bilen Ankara gelen Kambodžanyň Daşary işler ministri Prak Sokhonn bilen duşuşdy

1061455
Çawuşogly FETÖ/PDÝ meselesinde duýduryş berdi

Çawuşogly bilen Sokhonn özara duşuşykdan soň metbugata beýanat berdi.

Prak Sokhonn beýanatynda Fetullahçy terror guramasy FETÖ/PDÝ bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny we terror guramalaryna garşydyklaryny aýtdy.

Sokhonn Türkiýäniň 2013-nji ýylda paýtagt Pnompeniýada ilçihana açmagy bilen birlikde gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn ösmäge başlandygyny nygtady we “Kambodža hem geljek ýyl Türkiýede ilçihana açar” diýdi.

Kombodžanyň Premýer ministri Hun Seniň üstümizdäki aýyň ahyrynda Türkiýä sapar gurajakdygyny aýdan Prak Sokhonn saparyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösmegine itergi berjekdigini ýatlatdy.

Sokhonn Mewlüt Çawuşogly  bilen ykdysady taýdan iki ýurduň arasyndaky Bilelikdäki ykdysady komissiýanyn 2-nji maslahatynyň gysga wagtda geçirilmegi barada pikir alyşandygyny belledi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly hem beýanatynda iki ýurduň arasynda gatnaşyklary ösdürmek üçin şuňa meňzeş duşuşyklaryň yzygiderli ýagdaýda geçirilmelidigini aýtdy.

Çawuşogly Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ meselesinde duýduryş berdi we FETÖ-niň  Kambodžadaky işleriniň saklanmagyny isledi.

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar