Prezident Erdogan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi

Erdogan Türkiýe sala salynman edilen islendik işiň sebitde üstünlikli bolmak ähtimallygynyň ýokdugyny nygtady

1060793
Prezident Erdogan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi

Ýurdyň Prezidenti we Ak partiýanyň başlygy Rejep Taýýip Erdogan, partiýasynyň TBMM-däki maslahatynda çykyş etdi.  

Çykyşynda Siriýada başdan geçirilýänleriň üstünde durup geçen Erdogan, 17-nji sentýabrda Russiýanyň Soçi şäherinde gazanylan Idlib ylalaşygynyň saýasynda, eýýäm 10 gün bäri sebitde parahatçylygyň höküm sürýändigini habar berdi.

Erdogan: “Idlibiň töweregindäki 10 gözegçilik nokady bize degişli. Bu gözegçilik nokatlaryny has hem güýçlendirýäris. Sebitde stoluň başynda boldugyňyz saýyn sözüňiziň güýji bar. Şol sebäpli iň başyndan bäri dünýäniň 5-den uludygyny belledik. Muny nesip bolsa bütin dünýä kabul etdireris” diýip belledi.

Fransiýa, Germaniýa we Russiýa bilen Stambulda maslahat geçirjekdiklerini aýdan Erdogan: “Bu maslahat bilen birlikde maksadymyz hyzmatdaş güýçler bilen bile Russiýa bilen stoluň başyna oturyp, näme etjekdigimizi karar bermek isleýäris. Bu ýerde bir göç tolkunynyň öňüne geçdik. Idlib krizisi islenmedik ýagdaýda bolan halatynda 1 million bosgunyň gelmegine garaşýardyk” diýdi.

ABŞ-niň Siriýanyň demirgazygyny basyp alan ekstremist terror guramasy PKK-nyň şahasy PÝD-ÝPG-e takmynan 19 müň ýük ulaglyk kömek berendigini ýatladan Erdogan: “Bular kime garşy ulanylar? Sizden pul berip ýarag isledik, bermediňiz. Emma ol ýaraglary terror guramasyna berýärsiňiz. Ýewfrat derýasynyň gündogarynda terror koridoryny ýok etmäge tutanýerlidiris. Ykdysady söweş bulardan aýry däl, bularyň ählisi biri-birleri bilen arabaglanşykly” diýip mälim etdi.

Türkiýe sala salynman edilen islendik işiň sebitde üstünlikli bolmak ähtimallygynyň ýokdugyna ünsleri çeken Erdogan: “Şol bir ýadgaý Kipr we Egeý deňiziniň töwereginde başdan geçirilýän hadysalar üçin hem degişlidir. Ýurdumyzyň gözüniň öňünde Türkiýä sala salman we hat-da Türkiýä garşy işler edip biljekdiklerini pikir edýänler ýalňyşýandyklaryna ýakyn wagtda düşünerler” diýdi.

Çykyşynda käbir töwerekleriň walýuta kursynyň üsti bilen Türkiýäni ykdysady taýdan çüňke gabamak isleýändigini aýdan Erdogan: “Türkiýäni syýasy bahanalar bilen çüňke gabamak maksady bolan tolkunlar döwrüni ýuwaş-ýuwaşdan geçýäris. Işewür dünýämizden, potratçylarymyzdan sabyrly bolmaklary barada haýyşt edýäris” diýip nygtady.

27-29-nji sentýabr aralygyndaky Germaniýa saparynyň hem üstünde durup geçen Erdogan: “Örän netijeli gepleşikler geçirdik. Türkiýe bilen bagly ýalňyş düşünjelerini özlerine bildirdik. Ähli zady aýtdyk. Elbetde ähli meseleler boýunça ylalaşandygymyzy aýdyp bilmerin, emma mundan soň Germaniýa bilen gatnaşyklarymyzyň oňyn ýagdaýda dowam etjekdigini aýdyp bilerin. ABŞ ýaly ÝB bilen hem gatnaşyklarymyzy janlandyrmak isleýäris” diýip belledi.


Etiketkalar: #Erdogan , #TBMM

Degişli Habarlar