Mewlüt Çawuşogly Ženewa bardy

Agşam nahary metbugata ýapyk häsýetde geçdi

Mewlüt Çawuşogly Ženewa bardy

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Bütindünýä Ykdysadyýet forumyň Şweýsariýanyň Ženewa şäherindäki resmi agşam naharyna gatnaşdy.

Bütindünýä Ykdysadyýet forumyň esaslandyryjysy we dolandyryjy başlygy Klaus Şwabyň agşam naharynyň açylyşynda eden çykyşynda Ýewropanyň global derejedäki rolunyň we Balkanlary şekillendiren soňky wakalaryň üstünde durup geçendigi beýan edildi.

Resmi agşam naharyna Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly we Bütindünýä Ykdysadyýet forumyň esaslandyryjysy we dolandyryjy başlygy Klaus Şwab bilen birlikde, Sloweniýanyň Prezidenti Borut Pahor, Serbiýanyň Premýer ministri Ana Brnabiç, Horwatiýanyň Premýer ministri Edi Rama, Germaniýanyň Goranmak ministri Ursula Won der Leýen, Çernogoriýanyň Wise-premýeri Zoran Pazin, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisiniň başlygy we Slowakiýanyň Daşary işler ministri Miroslaw Laýçak we Bütindünýä Ykdysadyýet forumyň başlygy Borge Brende ýaly ýolbaşçylar gatnaşdylar.

Ministri Çawuşogly şu gün Bütindünýä Ykdysadyýet forumyň Günbatar Balkanlaryň Strategik dialogynyň liderler maslahatyna gatnaşar.



Degişli Habarlar