Edirnede bosgunlary daşaýan gaýyk batdy

Wakada 5 adam ýogaldy

1059419
Edirnede bosgunlary daşaýan gaýyk batdy

Edirne welaýatynyň Enez etrabynda bosgunlary daşaýan gaýygyň batmagy netijesinde 5 adam ýogaldy.

Alynan maglumata görä içinde bosgunlar bar bolan gaýyk Enez etrabynyň Sultaniçe etrapçasynyň suw giňişliginde batdy.

Kenarýaka howpsyzlyk gullugynyň işgärleri deňiziň içinden 5 bosgunyň jesedini çykardylar.

Kenarýaka howpsyzlyk gullugy gaýygyň batmagyndan soň kenara ýüzüp gelen 2 migrant kontrabandaçy bolmak bilen jemi 5 adamyň halas bolandygyny habar berdi. 

Kenara ýüzüp gelen adamlaryň habar bermegine görä gaýykda jemi 12 adam bardy. 

Şoňa laýyklykda dereksiz ýitendigi öňe sürülen 2 adamyň gözleg işleri dowam edýär. 



Degişli Habarlar