Baş Ştabyň başlygy Polşada geçirilen NATO maslahatyna gatnaşdy
Türkiýäniň Baş ştabynyň başlygy Ýaşar Güler Polşanyň paýtagty Warşawada 28-30-njy sentýabr aralygynda geçirilen NATO-nyň Harby komitediniň Baş ştablarynyň başlyklarynyň maslahatyna gatnaşdy


Baş ştab tarapyndan berilen beýanata görä, Türkiýäniň Baş ştabynyň başlygy Ýaşar Güler, maslahatyň resmi açylyşyna gatnaşyp, Ýewropanyň Birleşen güýçleriniň ýokary serkerdesi we NATO-nyň Harby komtediniň başlygy bilen Germaniýanyň we Kanadanyň Baş ştablarynyň başlyklary bilen ikiçäk duşuşyklar geçirdi.
Maslahatyň çäginde 29-njy sentýabrda geçirilen bölüminde, NATO-nyň wezipesi we operasiýalary, NATO-nyň harby strategiýasy we komandalaýyn strukturasy bilen bagly meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy.
Ýaşar Güler maslahatyň 2-nji gününde Owganystanyň Tutanýerli goldaw missiýasynyň serkerdesi bilen ABŞ-niň, Fransiýanyň, Britaniýanyň we Gresiýanyň Baş ştablarynyň başlyklary bilen ikiçäk duşuşyklar geçirdi.
Degişli Habarlar

“Türkiýe Özüni we Kipr Türkleriniň Hukuklaryny Goramaga Dowam Eder”
Mewlüt Çawuşogly bilen grek kärdeşi Nikos Dendias özara duşuşykdan soň metbugata beýannama berdi