“Germaniýa FETÖ-ni terror guramasy hökmünde ykrar etmeli”

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Germaniýanyň Fetullahçy terror guramasy FETÖ-ni terror guramasy hökmünde ykrar etmelidigini nygtady

“Germaniýa FETÖ-ni terror guramasy hökmünde ykrar etmeli”

Erdogan şu gün başlajak Germaniýa saparynyň çäginde Frankfurter Allgemeine Zeitung habarlar gullugynda “Germaniýadan garaşylýanlar” atly makala ýazdy.

Erdogan makalasynda: “Türkiýe, PKK, FETÖ, DHKP-C ýaly terror guramalaryna garşy göreşde Germaniýanyň goldawyna garaşýar” diýip belledi.

Erdogan: “Germaniýanyň PKK we FETÖ garşy göreşimizi goldamagyna garaşýarys. Germaniýanyň FETÖ-ni bir terror guramasy hökmünde ykrar etmegini isleýäris. Germaniýadan Beýik Britaniýanyň hökümetiniň edişi ýaly 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşyk synanyşygyny FETÖ tarapyndan edilendigini kabul etmegine garaşýarys” diýdi.

Erdogan ekstremist terror guramasy PKK-nyň Germaniýanyň Razwedka gullugynyň habarnamalarynda anyklanyşy ýaly, häzirki wagtda hem Germaniýada biri-birinden tapawutly ýollar bilen gurama adam tapmak, neşe we adam söwdasy, paç ýygnamak we terror propogandasyny etmek ýaly işlerini dowam etdirýändigine ünsleri çekdi.

“ABŞ-niň jogapkärçiliksiz syýasatynyň, dünýä biperwaý bir söwda söweşine alyp barýar” diýip duýduryş beren Prezident Erdogan, Türkiýäniň we Germaniýanyň munyň öňüni almak üçin bilelikde işleşmelidigini habar berdi.


Etiketkalar: makala , Germaniýa , Erdogan

Degişli Habarlar