Prezident Erdogan şu gün ABŞ-e gider

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan şu gün Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna gider

1054845
Prezident Erdogan şu gün ABŞ-e gider

Erdogan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin ABŞ-de saparda bolar.

Erdogan Nýu-Ýorkda geçiriljek maslahatdan ozal, 24-nji sentýabrda duşenbe güni “Global bosgun konsensusynyň ýokary derejeli maslahatyna” gatnaşar. Ol ýerde Türkiýäniň siriýaly bosgunlar üçin eden işleri barada gürrüň berer, bütin dünýä “Türkiýä goldaw beriň” ýüzlenmesini berer.

Erdogan Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreş bilen duşuşyk geçirer.

Prezident Erdogan hem BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreşe hem-de duşuşyk geçirjek beýleki liderlere 17-nji sentýabrda Russiýanyň Soçi şäherinde baglaşylan Idlib ylalaşygy barada gürrüň berer.

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly hem rus we eýranly kärdeşleri bilen duşuşyk geçirer.

Türkiýe, ABŞ-niň ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky şahasy PÝD/ÝPG-e berýän goldawyndan biynjalyk bolýar.

Prezident Erdogan şol nägileligini duşuşyk geçirjek liderlere gürrüň berer.

Erdogan Nýu-Ýorkda amerikaly maýadarlar we işewür adamlar bilen hem duşuşar we olara “Türkiýä maýa goýuň” diýip çagyryş berer.

Türk lider soň bolsa çarşenbe güni 26-njy sentýabrda Nýu-Ýorkdan Germaniýanyň paýtagty Berline geçer.



Degişli Habarlar