Prezident Gahrymanlar gününe bagyşlanyp geçirlen dabara gatnaşdy

Prezident R. T. Erdogan käbir töwerekleriň walýuta kurslaryny bahana edip ykdysadyýetde manipulýassiýa etmäge synanşýandyklaryna ünsi çekdi

1052739
Prezident Gahrymanlar gününe bagyşlanyp geçirlen dabara gatnaşdy

Prezident Erdogan Beştepe Millet medeniýet we kongres merkezinde Gahrymanlar gününe bagyşlanyp geçirlen dabara gatnaşdy.

Erdogan dabarada eden çykyşynda ykdysadyýetde başdan geçirilýän wakalara ünsi çekdi.

Käbir töwerekleriň walýuta kurslaryny bahana edip ykdysadyýetde manipulýassiýa etmäge synanşýandyklaryna ünsi çeken Prezident Erdogan, halka şol töwereklere ynanmazlygy maslahat berdi we türk ykdysadyýetiniň güýçlenmek bilen öz ýoluna dowam etjekdigini nygtady.

Prezident Erdogan “Ýurdumyzda mundan soň dollar we ýewro bilen kireýine bermek ýok. Bu ýeri Türkiýe  ABŞ däl we ýurdumyzda türk lirasy ulanylar”diýip belledi.

Russiýa bilen gazanylan Idlib ylalaşygy barada hem durup geçen Prezident Erdogan “Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen bolan duşuşygymda Siriýanyň Idlib welaýatynda parahatçylyk etabynyň nähili ýagdaýda başladyljakdygy barada pikir alyşdy. İdlibde indi ganyň dökülmezligi, asuda ilatyň ýitgi çekmezligi üçin 12 maddalyk ylalaşyk tesktine gol goýduk”diýdi.

Prezident Erdogan çykyşynda 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşyk synanşygynda halkyň görkezen gahrymançylygyna ünsi çekdi.


Etiketkalar: #Erdogan , #Beştepe , #ýurt

Degişli Habarlar