Türk Ýaragly güýçleri PKK-a garşy howa hüjümlerini gurady

Ekstremist terror guramasy PKK-a garşy operasiýalar arakesmesiz dowam edýär

1050657
Türk Ýaragly güýçleri PKK-a garşy howa hüjümlerini gurady

Şyrnak, Bitlis welaýatlarynda we Yragyň demirgazygynda guralan howa hüjümlerinde 9 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri 16-17-nji sentýabrda geçirilen howa hüjümleri barada maglumat berdi.

Şoňa laýyklykda Şyrnak welaýaty bilen Yragyň demirgazygyndaky Hakurk sebitlerine guralan howa hüjümlerinde serhet birikmelerine hüjüm guramak üçin taýýarlyk görýändigi anyklanan 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Bitlis welaýatyndaky operasiýada 2 terrorçy, Yragyň demirgazygyndaky Zap sebitine guralan howa hüjümlerinde bolsa 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Sebitde operasiýalar dowam edýär.

Beýleki tarapdan bolsa Içeri işler ministrligi ýurdyň öz içinde geçirilen howpsyzlyk operasiýalarynda 2-si ýokary derejeli jogapkär bolan jemi 46 terrorçynyň täsirsiz ýadgaýa getirilendigini habar berdi.



Degişli Habarlar