Prezident Erdogan we Nursoltan Nazarbaýew metbugat ýygnagyny geçirdiler

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew bilen geçiren umumy metbugat ýygnagynda Fetullahçy terror guramasy FETÖ garşy göreş babatynda pikir alyşandyklaryny habar berdi

1049149
Prezident Erdogan we Nursoltan Nazarbaýew metbugat ýygnagyny geçirdiler

Erdogan we Nazarbaýew paýtagt Ankarada ikiçäk duşuşykdan we gatnaşan Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatyndan soň, Prezidentiň Kompleksinde metbugat ýygnagyny geçirdiler. 

Erdogan, Nazarbaýew bilen Gyrgyzystandaky Türki Geňeşiniň 6-njy maslahatynyň çäginde 3-nji sentýabrda duşuşandygyny ýatladyp, şu gün geçiren ikiçäk we toparara duşuşyklarynda iki ýurdyň gün tertibindäki ileri tutulýan ugurlaryny has giňişleýin maslahatlaşmaga mümkinçilik tapandyklaryny mälim etdi. 

Örän giňişleýin we netijeli gepleşikler geçirendiklerini aýdan Erdogan, saparyň çäginde iki ýurdyň arasynda 5 şertnama gol çekendiklerini habar berdi. 

Prezident Erdogan düýn Ankarada geçirilen Türkiýe-Gazagystan Maýa goýum forumynyň çäginde jemi gymmady 2 milliard dollara barabar bolan 20-den gowrak resminamanyň, iki ýurdyň degişli guramadyr edaralarynyň we hususy pudaklarynyň arasynda gol çekilendigini habar berdi. 

Erdogan duşuşykda FETÖ garşy göreş barada hem pikir alyşandyklaryny beýan etdi. 

Umumy metbugat ýygnagyndan ozal Erdoganyň we Nazarbaýewiň gatnaşmagynda iki ýurdyň arasynda şertnamalara gol çekilipdi. 

 



Degişli Habarlar