"Idlibdäki hüjümler bes edilsin. Terror guramalaryna garşy bilelikde iş salyşalyň"

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly: "Idlibdäki hüjümler bes edilsin. Terror guramalaryna garşy bilelikde iş salyşalyň" diýdi

1047582
"Idlibdäki hüjümler bes edilsin. Terror guramalaryna garşy bilelikde iş salyşalyň"

Mewlüt Çawuşogly Siriýadaky ýagdaýyň ähli tarapy gyzyklandyrýandygyna ünsleri çekip, bu babatda meňzeş pikirde bolan ýurtlar bilen iş salyşýandyklaryny habar berdi. 

Rumyniýanyň paýtagty Buharestde geçirilen Türkiýe-Rumyniýa-Polşanyň Daşary işler ministrleriniň maslahatyndan soň Çawuşogly, Rumyniýanyň Daşary işler ministri Teodor Meleskanu we Polşanyň Daşary işler ministri Ýasek Çaputowiç bilen umumy metbugat ýygnagyny geçirdi. 

Idlibde Asada tabynlykdaky güýçler bilen birlikde Russiýanyň hem hüjümleriniň dowam edýändigini bellän Çawuşogly: "Teklipimiz açyk. Idlibdäki hüjümler bes edilsin. Terror guramalaryna garşy bilelikde iş salyşalyň" diýdi. 

Mewlüt Çawuşogly: "Siriýada iň gowy çözgüt bolan syýasy çözgüde ýetmekde öňe gidişlik etmesegem, Asada tabynlykdaky güýçler we oňa goldaw berýänler harby çözgüde ynanýar. Astana we Soçide uly tagalla etsegem, Tähranda gyrgynçylygyň öňüni almak üçin bir ýere jemlensegem Asada tabynlykdaky güýçleriň hüjümleri dowam edýär" diýip belledi. 

"Näme üçin bular ýaly köp asuda ilaty, müňlerçe zenany we çagany öldürmek gerek?" diýip sorag beren Çawuşogly bu meselede bilelikde hereket etmegiň hökmandygyny nygtady. 

Siriýanyň territorial bütewiligini goldaýandyklaryny aýdan Çawuşogly: "Emma bigünä adamlary, zenanlary we çagalary öldürmek, Siriýanyň territorial bütewiligini üpjün etmegiň ýoly däl" diýdi.

Çawuşogly: "Her kime Siriýada hökümetiň hüjümlerine garşy seslerini gataltmaklaryna we parahatçylykly çözgüt tapmaga çagyrýaryn" diýdi. 

 



Degişli Habarlar