Prezident Erdogan Eýranyň dini lideri Ali Hamaneý bilen duşuşdy

Hamaneý Türkiýe bilen Eýranyň sebitiň iň güýçli ýurtlaryndan biridigine ünsi çekdi

1045607
Prezident Erdogan Eýranyň dini lideri Ali Hamaneý bilen duşuşdy

Eýranda Türkiýäniň-Russiýanyň we Eýranyň gatnaşmagyndaky Siriýa temaly üçtaraplaýyn maslahata gatnaşmak üçin Tährana giden Prezident Erdogan Eýranyň dini lideri Ali Hamaneý bilen duşuşdy.

Hamaneý bilen Erdogan metbugata ýapyk häsiýetinde geçirlen duşuşykda Türkiýe bilen Eýranyň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler barada pikir alyşdy.

Hamaneý Türkiýe bilen Eýranyň sebitiň iň güýçli ýurtlaryndan biridigine ünsi çekdi.

Hamaneý “Eýan bilen Türkiýe musulman dünýäsi üçin esasy ýurtlardan biri. Şol sebäpli hem Eýran bilen Türkiýäniň arasyndaky syýasy we ykdysady gatnaşyklar pugtalandyrylmaly” diýdi.

Prezident Erdoganyň Mýanma meselesinine alyp barýan tutanýerli tutumyny takdyr eden Hamaneý “Palestina meselesi hem biziň üçin diýseň möhüm” diýip belledi.

Hamaneý musulman ýurtlarynyň arasyndaky arkalaşygyň we jebisligiň ahmiýetine ünsi çekdi.

 



Degişli Habarlar