Yragyň demirgazygyna we Hakkari welaýatyna howa hüjümleri guraldy

Yragyň demirgazygy bilen Hakkari welaýatynyň Ýüksekowa etrabyna guralan howa hüjümlerinde ekstremist terror guramasy PKK tarapyndan ulanylan gaçybatalgalar we ok-däri ammarlary ýok edildi

1043365
Yragyň demirgazygyna we Hakkari welaýatyna howa hüjümleri guraldy

Baş ştab tarapyndan berilen beýanata görä Yragyň demirgazygyndaky Sinath-Haftanin, Zap, Hakurk we Kandil sebitlerine we Hakkari welaýatynyň Ýüksekowa etrabyna düýn howa hüjümleri guraldy.

Howa hüjümlerinde esktremist terror guramasy PKK tarapyndan gaçybatalga, gowak, söweşjeň liniýa we ok-däri ammar hökmünde ulanylan ýerler ýok edildi.



Degişli Habarlar