Türkiýe Fransiýanyň Prezidentiniň Türkiýäniň Ýewropa garşydygy baradaky beýanatyna reaksiýa bildirdi

Hami Aksoý Makronyň Türkiýe we Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etaby hakyndaky sözlerine reaksiýa bildirdi

1039233
Türkiýe Fransiýanyň Prezidentiniň Türkiýäniň Ýewropa garşydygy baradaky beýanatyna reaksiýa bildirdi

Türkiýe Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň Türkiýäniň Ýewropa garşydygy baradaky beýanatyna reaksiýa bildirdi.

Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Hami Aksoý Makronyň Türkiýe we Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etaby hakyndaky sözlerine reaksiýa bildirdi.

Aksoý “Makronyň düýn Parižde geçirlen İlçiler konferensiýasynda eden çykyşynda ýurdumyz we ÝB-ne agzalyk etaby hakynda aýdan käbir sözlerine nägilelik bildirýäris”diýdi.

Aksoý “Ýurdumyz 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşyk synanşygy sebäpli agyr günleri başdan geçirdi. Emma geçen aý Adatdan daşary ýagdaý dolanşygy bes edildi. Türkiýe adaty döwre girdi we Prezident dolanşygy hökümet ulgamyna geçilmeginden soň esasan ÝB-niň reformalary meselesinde öňe gidişlik edildi. Makronyň ýurdumyz hakyndaky beýanatlary, her platformada yzygiderli ýagdaýda düşündirýändigimize garamazdan Türkiýäniň hakykatyna göz ýetirmek islemeýändigini ýene-de bir gezek görkezdi” diýdi.

Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Aksoý “Ýewropanyň syýasy, geografiýa we taryhy taýdan aýrylmaz bölegi bolan we Ýewropa materiginiň howpsyzlygy üçin hemişe öz üstüne düşýän jogapkärçiligini üsütnlikli ýerine ýetirýän Türkiýäniň Ýewropa garşydygy hakyndaky çykyş hakykata bap gelmeýär”diýip belledi.

 

 



Degişli Habarlar