Türkiýede Gurban baýramy uly dabara bilen bellenilip geçilýär

Gurban baýramy mynasybetli adamlar metjitlere baryp, baýram namazyny okadylar

1035826
Türkiýede Gurban baýramy uly dabara bilen bellenilip geçilýär

Stambulda raýatlar Gurban baýram namazyny Eýüp Soltan metjidinde okadylar.

Ankarada käbir adamlar Gurban baýram namazyny Hajy Baýram metjidinde okadylar. Baýram namazyndan soň adamlar biri-birlerini baýramlary bilen gutladylar.

Gurban baýram namazy sebäpli Edirnedäki metjitler doldy. Käbir raýatlar baýram namazyny Mimar Sinan tarapyndan gurulan Selimiýe metjidinde okadylar.

Denizlide adamlar Gurban baýram namazyny okamak üçin metjitleri doldurdylar.

Izmirde adamlar baýram namazyny okamak üçin metjitlere bardylar. Konak etrabyndaky Alsanjak Hojazade metjidine baran adamlar bilelikde baýram namazyny okadylar.

Gurban baýram namazy sebäpli Malatýadaky metjitler hem doldy. Darende etrabynda käbir adamlar Somunju Baba metjidiniň howlusynda biri-birlerini baýramlary bilen gutladylar.

Baýram namazy sebäpli Bursanyň metjitleri hem adamlardan doldy. Käbir raýatlar baýram namazyny taryhy Uly metjidinde okadylar.



Degişli Habarlar