Erdogan Gurban baýramy mynasybetli wideo şekilli ýüzlenme berdi

Erdogan Gurban baýramynyň musulman dünýäsine eşret, bagtyýarlyk we asudalyk getirmegini arzuw etdi

1035483
Erdogan Gurban baýramy mynasybetli wideo şekilli ýüzlenme berdi

Ýüzlenmesinde: “Ykdysadyýetimize garşy guralan hüjümleriň gönüden azanymyza we baýragymyza guralan hüjümlerden tapawudy ýok” diýen Prezident; “Maksat bir. Maksat Türkiýäni we türk milletini dyza çökermek, ýesir almak” diýdi.

Erdogan wideo-şekilli ýüzlenmesinde; “Eziz milletim, hormatly doganlarym, ähliňize ýalkymly salam. Mübärek Gurban baýramynyzy gutlalaýaryn. Biz ýene-de bir Gurban baýramyna ýetiren biribara şükür edýärin” diýip başlaýar.

Baýramyň bütin musulman dünýäsine we adamzada bähbit getirmegini arzuw eden Erdogan, Gurban baýramynyň rehnetiniň hem-de berekediniň kynçylyklary ýeňip geçmäge sebäpkär bolmagyny diledi.

Erdogan türk milletiniň şatlykly we gamly günde agzybir, jebisleşmek, ýek-ýumruk bolmak ýaly ukyplary netijesinde müňlerçe ýyldan bäri barlyğyny dowam etdirendigini nygtap, soňky ýyllarda başdan geçirilen hüjümleriň, agdarlyşyk synanşyklarynyň, duzagyň şolaryň netijesinde hötdesinden gelinendigini beýan etdi.

Prezident Erdogan: “Biz Gurban baýramymyzyň yzýanyndan 947-nji ýyllygyny ýerinde belläp geçjek Malazgirt ýeňşimizden bäri ençeme kynçylyklara döş gerek millet. Azatlygymyzyň simwollary bolan azanymyza we baýdagymyza guralan hüjümlere şol bir batyrgaýlyk, erjellik we gaýduwsyzlyk bilen garşy durduk” diýip nygtady.

Prezident ERdygan Gurban baýramynyn köňüllere rahatlyk, öýlere bagtyýarlyk, Türkiýä ýagty gelejek getirmegini arzuw edip, hormat-sylagyny beýan etdi.



Degişli Habarlar