1 hepde-de 52 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Zeýtun Şahasy operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sany 4573-e ýetdi

1034350
1 hepde-de 52 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türk ýaragly güýçleriniň soňky 1 hepde-de geçiren operasiýalarynda 52 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Baş ştab awgust aýynyň 10-16-sy aralygynda geçirlen operasiýalar hakynda maglumat berdi.

Baş ştabdan berlen beýanata görä, Şyrnak we Siirt welaýatlarynda we Yragyň demirgazygynda geçirlen operasiýalarda 7-si guramanyň lideri bolmak bilen jemi 52 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Täsirsiz ýagdaýa getirlenleriň arasynda guramanyň Yragyň Sinjar etrabyndan jogapkär ýolbaşçysynyň hem bardygy aýdylýar.

Gözleg we halas ediş işlerinde terrorçylara degişli köp sanly ýarag we ok-däri bilen 41 partlaýjy maddasy hatardan çykaryldy.

Siriýada terrorçylardan saplanan Afrinde Zeýtun Şahasy operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sany 4573-e ýetdi.

18-nji martda Afriniň dolulygyna gözegçilik astyna alynmagyndan bäri jemi 381 partlaýjy maddasy tapyldy we täsirsiz ýagdaýa getirildi.



Degişli Habarlar