Türkiýe ABŞ-nyň nähak sanksiýalarynda ýalňyz däl

Prezident Erdogan Kataryň Emiri Al Sani bilen Beştepede duşuşdy

1033645
Türkiýe ABŞ-nyň nähak sanksiýalarynda ýalňyz däl
erdoğan-merkel.jpg
macron erdoğan

KatarTürkiýede 15 milliard dollar maýa goýmak barada karar kabul etdi. Şeýlelikde Türkiýedäki maliýe bazarlaryna we banklara gysga möhletde pul serişdeleri geler. Erdogan sosial medianyň üsti bilen Kataryň Emirine sagbolsun aýtdy.

“Doganym Hamed Al Sani bilen diýseň netijeli duşuşyk geçirdik” diýip ýazdy. Erdogan Katar bilen gatnaşyklaryň depgininiň has-da güýçlenjekdigini nygtady.

Kataryň Emiri Al Sani hem sosial media hasabyndan “Ummadyň meseleleriniň we Kataryň ýanynda duran Türkiýäni hem-de ol ýerdäki doğanlarymyzy goldaýarys” diýil ýazdy.

Erdogan Germaniýanyň Federal Kansleri Merkel bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Germaniýanyň başlangyjy boýunça geçirilen telefon söhbetdeşliginde Merkel Türkiýäniň ykdysadyýetiniň güýçli bolmagynyň Germaniýa üçin hem möhümdigini nygtady.

Liderler şeýle-de türk we nemes maliýe ministrleriniň duşuşyk geçirmekleri barada ylalaşdylar.

Beýleki tarapdan Fransiýadan hem telefon söhbetdeşliginiň geçirilmegi boýunça isleg gelip gowuşdy.



Degişli Habarlar