Yragyň Premýer ministri Haýdar Al Abadi resmi sapar bilen Ankara geldi

Iki lider duşuşykdan soň metbugata beýanat berer

1032226
Yragyň Premýer ministri Haýdar Al Abadi resmi sapar bilen Ankara geldi

Iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkiýä gelen Yragyň Premýer ministri Haýdar Al Abadi, Prezident R. T. Erdogan tarapyndan Prezidentiň kompleksinde kabul edildi.

Prezident Erdogan bilen Yragyň Premýer ministri Abadi özara duşuşykdan soň toparara gepleşiklere ýolbaşçylyk eder.

Gepleşiklerde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşylar.

Iki lider duşuşykdan soň metbugata beýanat berer.

 



Degişli Habarlar