“Türkiýe, ABŞ bilen krizise nähili garaýar”

Erdogan Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky dartgynlygy Nýu Ýork Taýmes gazetine ýazan makalasynda analiz etdi

1030280
“Türkiýe, ABŞ bilen krizise nähili garaýar”

 

Prezident R. T. Erdogan, ABŞ Türkiýe barada alyp barýan syýasatlaryndan ýüz öwürmän halatynda Türkiýäniň özüne täze dostlar we hyzmatdaşlar gözlemäge başlajakdygyny aýtdy.

Erdogan Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky dartgynlygy Nýu Ýork Taýmes gazetine ýazan makalasynda analiz etdi.

Erdogan “Türkiýe, ABŞ bilen krizise nähili garaýar” söz başyly makalasynda ABŞ-na Türkiýäniň özygtyýarlygyna sarpa goýmagy çagyryşyny berdi we “hyzmatdaşlygymyza howp abanyp biler” diýdi.

Erdogan makalasynda resmi Waşingtonyň bir taraply syýasatlarynyň öz bähbidine we howpsyzlygyna zeper ýetirjekdigi barada duýduryş berdi.

Erdogan “Birnäçe ýyllyk hyzmatdaşymyz ABŞ-nyň Türkiýä garşy alyp barýan bir taraply syýasatlary diňe ABŞ-nyň bähbidine we howpsyzlygyna zeper ýetirer” diýdi.

ABŞ-nyň Türkiýäniň başga alternatiwleriniň hem bardygyny kabul etmelidigini nygtan Erdogan “bir taraplylyk we sylaşyksyzlyk syýasatyndan ýüz öwürmese täze dostlar we hyzmatdaşlar gözlemäge başlarys” diýdi.

Erdogan soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ABŞ tarapyndan düşnüşmezlikler bilen synagdan geçýändigini ýatlatdy we ABŞ-ny Türkiýäniň özygtyýarlygyna sarpa goýmaga çagyrdy.

Amerikan hökümetini berk tankyt eden Erdogan “Pensilwaniýada ýaşaýan Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň ýolbaşçysy 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda hökümeti agdarmaga çalyşdy. Türk halky ABŞ-nyň şol hüjümi ýazgarmagyna we Türkiýäniň saýlanan hökümetine goldaw bermegine garaşdy, emma ABŞ agdarlyşyk synanşygyny ýazgarmady. Baglaşylan özara şertnamalaryň çäginde FETÖ-niň ýolbaşçysynyň yzyna berilmegini talap etdik emma talabymyza henizem oňyn jogap berilmedi. Siriýada ekstremist terror guramasy PKK-niň Siriýadaky bölegi ÝPG/PÝD-ä müňlerçe ýarag ugratdy. Şol ýaraglar Türkiýede, Siriýada we Yrakda asuda ilaty öldürmek üçin ulanyldy” diýdi.

Türkiýäniň sabyrlylyk bilen garaşýandygyny ýatladan Prezident Erdogan, ABŞ diňlemese ýene-de bir gezek Türkiýäniň öz işiniň ussatlyk bilen hötdesinden geljekdigini nygtady.

Erdogan “1970-nji ýyllarda Kipr türklerine edilýän gyrgynçylygyň bes edilmegi üçin ABŞ-nyň garşylygyna garamazdan Kipr parahatçylyk hereketini başlatdyk. Siriýanyň demirgazygyndan ýurdumyza abanýan howp sebäpli ýene-de ABŞ-nyň nägileligine garamazdan 2 harby operasiýa geçirdik” diýdi.



Degişli Habarlar