Türkiýe Gresiýanyň türk diplomatlaryny öldüren terrorçy hakyndaky kararyna nägilelik bildirdi

“Bu gezek Kufodinasyň açyk tussaghana ugradylmagyny mamla görkezip biljek hiç hili sebäp ýok”

1025676
Türkiýe Gresiýanyň türk diplomatlaryny öldüren terrorçy hakyndaky kararyna nägilelik bildirdi

 

Türkiýe Gresiýanyň türk diplomatlary bilen birlikde köp sanly adamy öldüren “17 Kasym” terror guramasynyň agzasy Dimitris Kufodinasiň berk gözegçilik astynda saklanýan Koridallos tussaghanasyndan alynyp Wolosdaky açyk tussaghana ugradylmagy hakyndaky kararyna berk garşylyk görkezdi.

Daşary işler ministrliginden berlen beýanatda, “Terror guramasyna agza Dimitris Kufodinasyň açyk tussaghana ugradylmagyny, ýurdumyzyň diplomatlarynyň janyna kast eden terrorçynyň şuňa meňzeş ýeňilliklerden peýdalanmagyny kabul edip bilmeris. Bir terrora şeýle hoşniýetli çemeleşilmegi şehit diplomatlarymyzyň hatyrasyna we hossarlaryna edilen gelşiksiz hereketdir” diýildi.

Beýanatda Kufodinasa ozal hem üçin gezek rugsat almak hukugynyň berlendigi ýatladyldy we “Bu gezek Kufodinasyň açyk tussaghana ugradylmagyny mamla görkezip biljek hiç hili sebäp ýok” diýildi.

Daşary işler ministrliginiň beýanatynda ady agzalýan terrorçynyň Türkiýäniň Gresiýadaky ilçihanasynyň Metbugat Attaşasy Çetin Görgüniň, diplomat Haluk Sipahioglunyň janyna kast edilmegi wakasy bilen arabaglanşykly bolandygy üçin ömür boýy azatlykdan mahrum edilendigi ýatladyldy.

Beýanatda “Grek resmilerini terrora garşy göreşde tutanýerli tutum alyp barmaga we terrorçylaryň jezalandyrylmagy baradaky jogapkärçiligini ýerine ýetirmäge çagyrýarys” diýildi.

“17 Kasym” terror guramasy 1991-1994-nji ýyllarda Türkiýäniň Gresiýadaky ilçihanasynda işlän diplomatlar Çetin Görgü bilen Ömer Sipahiogluny öldüripdi, Deniz Bölükbaşy, Nilgün Keçeji bilen sürüji Adil Ýyldyrymy ýaralapdy.



Degişli Habarlar