Türk ýaragly güýçleri Manbijde 22-nji gözegçilik işlerini geçirdi

Türk ýaragly güýçleri we ABŞ-nyň ýaragly güýçleri “Ýefrat Galkany” operasiýa giňişligi bilen Manbij etrabynyň arasyndaky zolakda 22-nji utgaşykly/garaşsyz gözegçilik işlerini amala aşyrýar

1022565
Türk ýaragly güýçleri Manbijde 22-nji gözegçilik işlerini geçirdi

Baş ştabdan berilen beýannama görä düýn “Ýefrat Galkany” operasiýa giňişligi bilen Manbij etrabynyň arasyndaky zolakda 22-nji utgaşykly/garaşsyz gözegçilik işlerini amala aşyryldy.

Gözegçilik işiniň ilkinji 18-nji iýunda geçirilipdi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşygly we kardeşi Maýk Pompeo 4-nji iýunda geçiren duşuşygynda etrapda howpsyzlygyň hem-de durnuklylygyň üpjün edilmegi baradaky meýilnamany tassyklapdy.

Meýilnama Türkiýe we Amerika tarapynyň harby hem-de howpsyzlyk güýçleri bilen etrapda bilelikdäki gözegçiligiň başlamagynyň hem öz içine alýar.



Degişli Habarlar