Türkiýe Pakistanda saýlaw mitinginde guralan terrorçylykly hüjümi näletledi

"Hüjümde ýogalanlara Alladan rehnet, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris, Pakistanyň hökümetine dost we doganlyk ýurduň halkyna gynanç bildirýäris”

1012207
Türkiýe Pakistanda saýlaw mitinginde guralan terrorçylykly hüjümi näletledi

Türkiýe Pakistanda saýlaw mitinginde guralan terrorçylykly hüjümi näletledi we Pakistanyň halkyna gynanç bildirdi.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda, Pakistanyň Belujistan welaýatynyň Mastung etrabynda geçirlen saýlaw mitingine guralan hüjümde köp sanly adamyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna uly gynanç bildirildi.

Beýanatda “Bu hyýanatçylykly hüjümi berk näletleýäris. Hüjümde ýogalanlara Alladan rehnet, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris, Pakistanyň hökümetine dost we doganlyk ýurduň halkyna gynanç bildirýäris” diýildi.

 



Degişli Habarlar