Türkiýä gelen siriýaly bosgunlaryň sany 3 million 570 müň 352 adama ýetdi

Stambulda ýaşaýan siriýalylaryň sany 563 müň 15 adama ýetdi

1011621
Türkiýä gelen siriýaly bosgunlaryň sany 3 million 570 müň 352 adama ýetdi

 

Içeri işler ministrliginiň Göç edarasynyň bosgunlar jemgyýeti Türkiýä gelen siriýaly bosgunlaryň sany barada maglumat berdi.

Berlen maglumata görä, 2018-nji ýylyň iýun aýyna çenli Türkiýä gelen bosgunlaryň sany 3 million 570 müň 352 adama ýetdi.

Jemgyýetiň görkezijilerine görä, şol sanyň 1 million 935 müň 499-ny erkekler, 1 million 634 müň 853-ni bolsa zenanlar emele getirýär.

Türkiýä gelen bosgunlaryň 216 müň 890-y bosgun düşelgelerinde, 3 million 353 müň 462-si düşelgeleriň daşyndaky etaplarda we welaýatlarda ýaşaýar.

Iň köp siriýaly Stambul şäherinde ýaşaýar.

Stambulda ýaşaýan siriýalylaryň sany 563 müň 15 adama ýetdi.

Siriýalylaryň iň az bolan şäheri bolsa Baýburt.

Baýburtda siriýaly 28 bosgun ýaşaýar.

Baýburtdan soň Artwinde 34, Tunjelide bolsa 44 siriýaly ýaşaýar.

 

 

 



Degişli Habarlar