Türk ýaragly güýçleri Manbijde 13-nji patrul gullugyny berjaý etdi

Bu barada Baş ştabyň beýanatynda habar berilýär

Türk ýaragly güýçleri Manbijde 13-nji patrul gullugyny berjaý etdi

Baş ştabdan berilen beýanatda Türk ýaragly güýçleriniň we ABŞ-nyň Ýaragly güýçleri tarapyndan “Ýefrat Galkany” giňişligi bilen  Manbijiň arasynda ýerleşýän zolakda 13-nji utgaşykly/garaşsyz patrul gullugyny ýerine ýetirendigi habar berildi.

Patrul gullugynyň ilkinjisi 18-nji iýunda geçirilipdi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly we amerikaly kärdeşi Maýk Pompeo 4-nji iýundaky duşuşygynda etrapda howpsyzlygyň hem-de durnuklylygyň üpjün edilmegi baradaky iş meýilnamasyny tassyklapdy.

Meýilnama Türk we Amerikan tarapynyň harby hem-de howpsyzlyk güýçler bilen etrapda bilelikdäki gözegçiligiň başlamagy nazarda tutulýar.

Ylalaşyk bilen Manbijde terrorçylaryň çykarylmagyndan soň etrabyň ýerli dolanşygyynň döredilmegi maksat edinilýär.

Ekstremist terrror guramasy ÝPG/PKK Halabyň Manbij etrabyny 2016-njy ýylyň awgust aýynda ABŞ-nyň goldaw bermeginde terror guramasy DAİŞ-den alypdy.

Manbijiň ilatynyň 90 göterimden gowragy araplardan emele gelýär.

 



Degişli Habarlar