Çawuşogly: “S-400 goranyş ulgamynyň ilkinji batareýalary geljek ýyl getiriler”

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Russiýadan alynjak S-400 goranyş ulgamynyň ilkinji batareýalarynyň geljek ýylyň ahyrynda getiriljekdigini aýtdy

1010339
Çawuşogly: “S-400 goranyş ulgamynyň ilkinji batareýalary geljek ýyl getiriler”

Çawuşogly Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirilýän NATO-nyň maslahatyna gatnaşmazdan ozal metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi.

Russiýadan S-400 alandans oň diňe bir ABŞ-dan däl, käbir NATO agzalaryndan hem oňa garşy beýanatlaryň berilendigine ünsi çeken Çawuşogly; “Meseläniň tehniki tarapyna düşünýäris. Mysal üçin S-400 ulgamynyň NATO-ny ýa-da NATO-nyň ulgamlaryny, hyzmatdaşlary duşman hökmünde kabul edip-etmeýändigini soramaklary ýa-da oňa düşünmäge synanşmaklary adaty ýagdaý. Bu meselede biz onsuz hem ünsli çemeleşýäris. Almazdan ozal bu meseledäki şertlerimizi beýan etdik. Ol biziň üçin esasy meselelerden biridi. İslegimiz hyzmatdaşlarymyz tarapyndan kanagatlandyrylmandygy üçin Russiýadan alandygymyzy, iň gowy teklibi Russiýanyň berendigini, netijede Türkiýäniň garaşsyz we azat döwletdigini, öz kararlaryny özüniň kabul etjekdigini beýan etdik” diýdi.

“Eýsem Türkiýe NATO-dan çetleşýärmi” diýlen soraglary ýerliksiz hasaplaýandyklaryny nygtan Çawuşogly: “Ýok, Türkiýe NATO-dan çetleşmeýär. Eger NATO-daky hyzmatdaşlarymyz şol islegimizi kanagatlandyran bolsady, biz olardan alardyk. İlki olara ýüz tutduk” diýdi.

Şu günki günde NATO we hyzmatdaşlaryna howp salýan esasy faktoryň terror guramalarydygyny nygtan Çawuşogly, NATO-nyn terrorçylyga garşy göreşde netijeli çäreler görmelidigini aýtdy.

Çawuşogly NATO-nyň esasanda hyzmatdaş ýurtlaryň durnuklylygynyň goralmagynda güýçli pozisiýa eýelemelidigini beýan etdi.

 



Degişli Habarlar