Mewlüt Çawuşogly Ýaponiýa gynanç bildirdi

Mewlüt Çawuşogly Ýaponiýadaky sil apaty we ýeriň süýşmegi sebäpli özüniň Twitter hasabyndan türk we iňlis dillerinde gynanç ýüzlenmesini çap etdi

Mewlüt Çawuşogly Ýaponiýa gynanç bildirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Ýaponiýanyň günbatary bilen merkezi sebitlerine täsirini ýetiren sil apaty we ýeriň süýşmegi netijesinde ýogalan adamlar sebäpli Ýaponiýa gynanç bildirdi. 

Mewlüt Çawuşogly Ýaponiýadaky sil apaty we ýeriň süýşmegi sebäpli özüniň Twitter hasabyndan türk we iňlis dillerinde gynanç ýüzlenmesini çap etdi. 

Çawuşogly: "Ýaponiýanyň Hiroşima sebitinde bolan sil apatynda ýogalan adamlaryň maşgalalaryna we Ýaponiýanyň hökümetine gynanç, ýaralananlara bolsa şypa dileýärin" diýip belledi. 

 



Degişli Habarlar