Ýemen Türkiýäniň berýän ynsanperwer kömeginden minnetdar

Türkiýe Ýemeniň köp sanly şäherinde TIKA, Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýeti we Türkiýe Diýanat gaznasy ýaly guramalary arkaly kömek taslamalaryny durmuşa geçirýär

1006038
Ýemen Türkiýäniň berýän ynsanperwer kömeginden minnetdar

Ýemeniň Meýilleşdiriş we halkara hyzmatdaşlygy ministri Muhammed Said As Saidi Türkiýäniň ýurduna berýän ynsanperwer kömegi barada öwgüli sözler aýtdy

Ýemeniň resmi habarlar gullugy “SABA-nyň” habar bermegine görä ministr Saidi Saud Arabystanynyň paýtagty Riýadda Türkiýäniň Ýemendäki ilçisi Lewent Erler bilen duşuşdy.

Duşuşykda Ýemeniň gaýtadan dikeldilmegi we uruşdan soňky abatlaýyş işleri boýunça özara hyzmatdaşlyk hem-de utgaşyklk barada pikir alyşyldy.

Saidi Türkiýäniň 3 ýyldan gowrak dowam eden içerki uruşda Ýemene üznüksiz goldaw berendigini ýatlatdy. Berilen kömege minnetdarlyk bildiren Saidi, Türkiýä sagbolsun aýtdy.

Ilçi Erler hem Türkiýäniň Ýemende hökümete we halka berýäň goldawynyň dowam etjekdigini nygtap, ýurduň durnuklylygyna hem-de ösüşine berilýän goldawyň möhümdigini beýan etdi.

Türkiýe Ýemeniň köp sanly şäherinde TIKA, Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýeti we Türkiýe Diýanat gaznasy ýaly guramalary arkaly kömek taslamalaryny durmuşa geçirýär.



Degişli Habarlar