Yragyň demirgazygynda 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Yragyň demirgazygyndaky Awaşin-Basýan we Zap sebitlerine garşy guralan howa hüjümlerinde 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1003645
Yragyň demirgazygynda 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Baş Ştabyň Twitter hasabyndan berilen beýanata görä Yragyň demirgazygyndaky Awaşin-Basýan we Zap sebitlerine garşy howa hüjümleri guraldy.

Howa hüjümlerinde 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Şyrnak welaýatynyň Beýtüşşebap etrabynda bolsa täsirsiz ýagdaýa getirilen ekstremist terror guramasy PKK-a agza 4 terrorçynyň 1-iniň guramanyň Kato sebitiniň jogapkär ýolbaşçysydygy habar berildi.

Terrorçylar Karajadag sebitinde uçarmansyz howa ulagy bilen hüjüm guramak üçin taýarlyk görýändigi anyklanypdy.



Degişli Habarlar