Türkiýe Siriýanyň Dera we Kuneýtra welaýatlaryndaky operasiýalary gynanç hem-de alada bildirdi

Daşary işler ministrliginiň Metbugat Sekretary Hami Aksoý Siriýanyň Dera we Kuneýtra welaýatlaryndaky operasiýalar barada beýanat berdi

1002701
Türkiýe Siriýanyň Dera we Kuneýtra welaýatlaryndaky operasiýalary gynanç hem-de alada bildirdi

Hami Aksoý operasiýalar barada: “Bu adamkärçilige gelişmeýär we berk ýazgarýarys” diýdi.

Aksoý Astanada gol çekişilen ylalaşyga laýyklykda Siriýanyň demirgazyk-günbataryndaky Dera we Kuneýtra welaýatlarynda yglan edilen dartgynlygy azaldyş zolaklaryna Siriýanyň guran operasiýasy barada durup geçdi.

Aksoý: “Uly gynanç bildirýaris we aladalanýarys. Bu adamkärçilige syğmaýan hüjümleri berk ýazgarýarys. Bu hüjümler sebitde dartgynlygyň azaldylmagy we çykgynsyzlyga çözgüt tapmak üçin Astanada we Ženewada dowam edýän gepleşiklere uly zeper ýetirýär. Hüjümleriň dessine bes edilmegi üçin Astana ylalaşygynyň hemaýatkärlerine we halkara jemgyýetçiligine çagyryş edýaris” diýdi.



Degişli Habarlar