Daşary işler ministri Çawuşogly Daniýada saparda bolýar

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Ukrainadaky reforma etabynyň strategik taýdan möhümdigini belledi

1000854
Daşary işler ministri Çawuşogly Daniýada saparda bolýar

Çawuşogly Daniýanyň paýtagty Kopengagendäki Halkara Ukraina reforma konferensiýasynda eden çykyşynda Türkiýäniň Ukrainanyň territorial bütewiligine, özygtyýalylygyna we reforma etabyna berýän goldawyny görkezmek üçin Kopengagene gelendigini habar berdi.

Ukrainanyň durmuşa geçirjek reformalarynyň üstünliginiň her tarap üçin strategik taýdan wajypdygyna ünsleri çeken Çawuşogly: “Sebäbi Ukrainanyň aýaklarynyň üstünde dim-dik ýagdaýda durmagyny isleýäris. Reforma etaby üstünlikli geçmese, onda ony durmuşa geçirip bolmaz. Hemmetaraplaýyn özgertmeleri durmuşa geçirmek, hiç wagt ýeňil bolmady. Muny öz ýurdumyň tejribesinden bilýärin. Şonuň bilen baglylykda reformalaryň şowsuzlygy bir alternatiwa bolmaýşy ýaly, bölekleýin üstünlikli reformalar hem ýeterlik bolmaz” diýip belledi.

Mewlüt Çawuşogly: “Položitel taýdan seretmek islesek, reforma etabynyň arkasyndaky esasy itýän güýç Ukrainanyň halkynyň ygtyýarydyr. Beýleki bir položitel ugur bolsa hökümetiň pidakärligidir” diýip nygtady.



Degişli Habarlar