Ýaponiýanyň Premýer ministri Abe Prezident Erdogany gutlady

Ýaponiýanyň Premýer ministri Şinzo Abe Prezident Rejep Taýýip Erdogana hat iberip, 24-nji iýunda geçirilen saýlawlardaky üstünligi bilen gutlady

Ýaponiýanyň Premýer ministri Abe Prezident Erdogany gutlady

Şinzo Abe gutlag hatynda: "Bu gezek geçirilen Prezident saýlawynda gazanan üstünligiňize örän guwanandygymy bellemek isleýärin" diýdi. 

"Siziň Alyhezretleriňiziň Türkiýe Respubilkasynyň Prezidenti wezipesine ýaňadandan saýlanmagy mynasybetli Ýaponiýanyň hökümetiniň we ýapon halkynyň adyndan gutlaýaryn" diýen Abe: "Mundan soň hem Siziň Alyhezretleriňiz bilen hyzmatdaşlyk etmekden hoşal bolaryn. Taryhy gatnaşyklara eýe bolan Ýaponiýanyň we Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň, 2015-nji ýylda Türkiýä guran saparym, Siziň Alyhezretleriňiziň şol ýyl Ýaponiýa guran sapary we mundan başgada ondan soň geçirilen maslahat bilen özgermegine hoşallyk bildirýärin. Mundan soň hem Siziň Alyhezretleriňiziň bilen Ýaponiýa-Türkiýe gatnaşyklaryň, syýasat, ykdysadyýet we medeniýet ýaly ençeme ugurda has hem güýçlenjekdigine ynanýaryn" diýdi. 

 


Etiketkalar: Ýaponiýa , gutlag , Şinzo Abe

Degişli Habarlar